Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.01.2017 | Meretdurdy Gurbanow Daşoguz welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, dürli guramalaryň we kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň, ýaşlaryň gatnaşmagynda N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy.


25.01.2017 | Serdar Jelilow Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdi

Deňiz kenarynda ýerleşen şäherde Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär-Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jelilowyň Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçdi. Bu ýere ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.


25.01.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

Köpetdag eteginiň saýlawçylarynyň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçirildi. Bu ýere Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.


25.01.2017 | Türkmenistanda GDA-nyň synçylar topary işe başlady

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylar topary işe başlady. Olar 12-nji fewralda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda türkmen tarapynyň çakylygy boýunça paýtagtymyza geldiler.


25.01.2017 | Saýlawçylaryň dykgatyna

2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler. Ramazan Durdyýew bilen duşuşyk Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda, Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda, Serdar Jelilow bilen duşuşyk Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda, Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşyk Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda, Durdygylyç Orazow bilen duşuşyk Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde bolar.


24.01.2017 | Paýtagtymyzyň saýlawçylary dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşarlar

2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy bolar.


24.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


24.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzodany kabul etdi


24.01.2017 | Aşgabatda ýol-ulag düzüminiň täze desgalary açyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýol-ulag düzüminiň hem-de monumental binagärligiň täze döwrebap desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň bezegine öwrüldi.


24.01.2017 | Din işgärleri däp-dessurlaryň özboluşlygyny hem-de ýörelgelerini saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň mejlisler jaýynda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda özboluşly milli däp-dessurlarymyzy, ýol ýörelgelerimizi, dini ynanjymyzy gorap saklap, olary dowam etdirip, geljekki nesillerimize ýetirmek dindarlaryň mukaddes borjudyr” atly amaly-maslahat geçirildi. Onuň işine welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter