Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.02.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň maslahatyny geçirdi, onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.02.2017 | 7-nji aprelde Aziada-2017-ä taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek maksat edinilýär

7-nji aprelde öňde boljak V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Aziada–2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşleriniň olimpiýa federasiýalarynyň wekilleri maslahata gatnaşmaga çagyrylar.


24.02.2017 | Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

Ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň barşynda 20-21-nji fewralda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky onunjy mejlisine gatnaşdy.


24.02.2017 | Resmi habarlar 24-nji Fewral

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji we 6-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümi tassyklanyldy.


24.02.2017 | Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene mähri” atlary dakyldy we pul sylaglary gowşurylar

Hormatly Prezidetimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçiren Hokümet maslahatynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana we ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi.


24.02.2017 | Aşgabatda Uz-Daewoo kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly Ravon awtomobilleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Paýtagtymyzda Uz-Daewoo kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly Ravon awtomobilleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre “UzAwtoSanoat” paýdarlar kompaniýasy we Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistan” döwlet söwda merkezi bilen bilelikdäki döredilen “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy.


24.02.2017 | Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndysy VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ikinji diwizionyň hokkeý ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ildeşlerimiz üçünji oýunda Indoneziýanyň toparyndan hem üstün çykyp (12:2), “B” toparda öňdeligi eýelediler. Munuň özi olara yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň birinji diwizionyna çykmak ugrunda göreşmäge hukuk berdi.


24.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň Ýokary Halk Ýygnagynyň Prezidiumynyň Başlygyndan

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.


23.02.2017 | Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi.


23.02.2017 | Türk önüm öndürijileri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy tarapyndan bilelikde guraldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter