Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge hem-de ýurduňyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işiňizde üstünlikleri arzuw etmäge örän şatdyryn.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugraýar. Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) nobatdaky XIII sammiti geçiriler.


28.02.2017 | Aziada-2017-niň aragatnaşyk hyzmaty teleýaýlymlarda görkezmegiň we internet-aragatnaşygynyň ýokary hilini üpjün eder

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny bütin dünýäde synlarlar we eşiderler. Türkmenistan şu ýylyň güýzünde boljak uly möçberli sport baýramçylygyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aragatnaşygyň hem-de ýaýlymlarda alyp görkezmegiň ýokary hilini üpjün etjek maglumat-telearagatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça hem örän uly işler alnyp barylýar.


27.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


27.02.2017 | Dünýä kubogy ugrunda awtoýaryşlarda türkmen topary üçünji oruna eýe boldy

Russiýa Federasiýasynda awtosport boýunça “Ralli-reýd” görnüşinde dünýä Kubogynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Onda ussat sürüjilerimiz bürünç medaly gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz hereketlendirijisiniň sygymy 2,1 we 2,2 litre barabar bolan maşynlarda geçirilen ýaryşlarda şeýle üstünlige mynasyp boldular.


27.02.2017 | Türkmenistandan tansçy jübüt Mogilewda geçirilen halkara bäsleşiklerinde ikinji oruna eýe boldy

Sport tanslary boýunça türkmen türgenleri häzirki wagtda Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýärler. Mogilýew şäherinde taýýarlyk çäreleriniň gidişinde açyk tans gözden geçirilişiniň çäklerinde halkara ýaryşy guraldy. Onda biziň ildeşlerimiz Aleksandr Sisekin bilen Waleriýa Nepomnýaşaýa kümüş medala mynasyp boldular.


27.02.2017 | Çehiýada geçirilen halkara ýaryşynda türkmen küştçi zenany tiz oýnamak boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

Şu günler Çehiýanyň bu şäherinde on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşyna badalga berildi. Şu gün “rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy.


27.02.2017 | Türkmen karateçileri Berlinde bir altyn we dört bürünç medala eýe boldular

Şu gün Germaniýanyň paýtagtynda adaty karate boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Onda türkmen türgenleri medallaryň 5-sine – 1 altyn we 4 bürünç medala mynasyp bolup, uly üstünlik gazandylar. Ýaryşa 18 ýurtdan ýüzlerçe türgen gatnaşdy.


27.02.2017 | Ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak özgertmeleriň netijeliligini üpjün eder

Ulag aragatnaşyk pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde ähli ugurlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň, wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi.


27.02.2017 | Söwda toplumynyň edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi

Söwda toplumy we telekeçilik düzümleriniň hem-de ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmäge, pudaklaýyn meýilnamalary amala aşyrmaga degişli meseleler girizildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzda öndürilýän daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter