Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.02.2017 | Oýunlaryň başlanmagyna 200 gün galanda Aziada-2017-niň nyşany Duşakerikdag gerşine galdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň bilelikde guran “Dagyň depesine çykmak, taslamasynyň çäklerinde Aziada-2017-niň nyşany hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň iň belent dag gerişlerine galdyrylýar.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti hökümet düzüminde wezipelere belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi:


28.02.2017 | Aşgabadyň Sergi merkezinde Eýran kompaniýalarynyň önümleri görkezildi

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi işläp başlady. Sergide goňşy döwletiň dürli pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň giň görnüşleri görkezilýär.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


28.02.2017 | Aşgabatda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri ugrunda çäresi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgesine, adamzadyň ählumumy meselesine—tutuş dünýäde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we neşekeşlige garşy göreşmek meselesine bagyşlanan duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Pakistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem öz adymdan Siziň Alyhezretiňize 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz mynasybetli mähirli gutlaglary beýan edýärin.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Bruneý Soltanyndan

Onuň Alyhezreti! Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy uly şatlyk duýgusy bilen ýollaýaryn.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge hem-de ýurduňyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işiňizde üstünlikleri arzuw etmäge örän şatdyryn.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugraýar. Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) nobatdaky XIII sammiti geçiriler.


28.02.2017 | Aziada-2017-niň aragatnaşyk hyzmaty teleýaýlymlarda görkezmegiň we internet-aragatnaşygynyň ýokary hilini üpjün eder

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny bütin dünýäde synlarlar we eşiderler. Türkmenistan şu ýylyň güýzünde boljak uly möçberli sport baýramçylygyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aragatnaşygyň hem-de ýaýlymlarda alyp görkezmegiň ýokary hilini üpjün etjek maglumat-telearagatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça hem örän uly işler alnyp barylýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter