Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aleksandr Wuçiçe Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


05.04.2017 | Türkmenistanda himiýa senagaty işgärleriniň güni döredildi

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Himiýa senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň işe girizilen güni bolan 31-nji mart hünär baýramçylygynyň güni hökmünde saýlanyp alyndy.


05.04.2017 | Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýagşygeldi Kakaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.


05.04.2017 | Aşgabatda aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek Türkmen bedewiniň baýramyna köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar

Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandy.


05.04.2017 | Ýylyň birinji çärýeginde senagat önümçiliginiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda depginli ösüş hasaba alyndy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017 –nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleri 2016-njy ýylyň şol döwründäkiden 32,6 göterim köp, oba hojalyk we azyk önümleri 47 göterim artyk öndürildi.


05.04.2017 | Türkmen elektrik energiýasynyň öndürilişi 6 göterim ýokarlanyp, ekport edilişi 4 göterim artdy

Türkmenistan şu ýylyň birinji çärýeginde elektrik energiýasynyň eksport edilişini artdyrdy. Pudagyň görkezijileri şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlaryndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanylan mejlisinde beýan edildi.


04.04.2017 | Türkmen-koreý hökümetara toparynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


03.04.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň ilkinji çärýegindäki işleriniň netijeleri jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijelerine bagyşlandy.


03.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynda bolan partlama zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynyň “Sennaýa ploşad” we “Tehnologiýa instituty” stansiýalarynyň aralygynda bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


03.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň ýolbaşçysyny belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şatlyk Döwletmyradowiç Purmämmedow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter