Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.02.2017 | Mary şäherinde Süleýmannepes Nurnepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi

Şu gün Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy geçirildi.


03.02.2017 | Durdygylyç Orazow Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Şu gün Lebap welaýatynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Türkmenistanyň Agrar pariýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy.


03.02.2017 | Resmi habarlar 3-nji Fewral

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meýlis Mergenowiç Mergenow Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


02.02.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýanwar aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.


02.02.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow paýtagtymyzyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyş eder

2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy bolar.


02.02.2017 | Saýlawçylaryň dykgatyna

2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy bolar.


02.02.2017 | Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy

2-nji fewralda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses berilmegi başlandy.


02.02.2017 | Dalaşgär Serdar Jelilow paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-- Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem duşuşyga Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna geldiler.


02.02.2017 | 2-nji fewralyň resmi habary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Hanmämmedowiç Maşadow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


02.02.2017 | Fransiýa Respublikasynyň Prezidentinden Türkmenistanyň Prezidentine

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň hoşmeýilliligiňiz üçin hoşallyk bildirip, men Size Täze ýylda iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter