Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II-ä we ýurduň Premýer-ministri Tereze Meýe “Mançester Arena” stadionynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


22.05.2017 | Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň başlygynyň orunbasary, onuň Hemişelik komitetiniň baş sekretary jenap Wan Çen ýolbaşçylyk edýär.


21.05.2017 | Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medaly gazandy

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda şu gün Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medala eýe boldy. 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Annageldi Agamyradow uşu boýunça bäsleşikde şeýle üstünlik gazandy.


21.05.2017 | Türkmen göreşi sportuň olimpiýa görnüşi derejesine dalaş edýär

18 — 21-nji maýda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen göreşi boýunça Afrikanyň ilkinji çempionaty geçirildi, şeýle hem Afrika yklymynyň Göreş federasiýasy döredildi. Çempionata 10-dan gowrak ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar erkekler üçin üç agram derejesinde, zenanlar üçin üç agram derejesinde guraldy. Bäsleşiklere Türkmenistanyň Guşakly göreş milli federasiýasynyň wekilleri eminlik etdiler.


21.05.2017 | Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi

Ýurdumyzda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalarynyň, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.


21.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy


21.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Hasan Ruhanini Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.


21.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy.


20.05.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.


20.05.2017 | Hazaryň türkmen kenarynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

"Awaza" Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter