Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.03.2017 | Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady geljegine oňyn baha berdi

Şu ýylyň 6-17-nji marty aralygynda Aşgabatda bolan jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň iş saparynyň jemleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Dünýäniň bu esasy maliýe guramasynyň wekilleri türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we edaralarynda, banklarynda, Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary geçirdiler.


19.03.2017 | Türkmen gyzlary jiu-jitsu boýunça Afinyda geçen dünýä çempionatynyň baýrak eýeleri boldular

Şu gün Gresiýanyň paýtagtynda ýetginjekleriň arasynda jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Şonda türkmen türgenleri oňat netije görkezip, dört medal—altyn, kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Olar bu üstünliklere “ne-waza” görnüşinde (ýapon söweş sungatynyň göreş görnüşi) mynasyp boldy.


19.03.2017 | Türkmen ykdysadyýetiniň täze pudagy – dag magdan senagaty

Türkmenistanda ilkinji hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinde iri himiýa kombinatynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze pudagyň – bu ulgamda ylmyň we tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak bilen dag-magdan senagatynyň döredilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzy ösen senagatly döwlete öwürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.


19.03.2017 | Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy bilen “Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny gurmak hakynda” kararyna laýyklykda gurluşygy tamamlanan desgany ulanmaga kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramak maksady bilen, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


19.03.2017 | Türkmenistanda möhletli harby gulluga çagyrylyş yglan edildi

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 76 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.


19.03.2017 | Aşgabatda, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy açylyp ulanmaga berildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň günorta-gündogarsyndaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň10-sy -- 3 sany 54 öýli, 7 sany 36 öýli jaýlar ulanmaga tabşyryldy.


18.03.2017 | Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bag ekmek çäresine gatnaşdy

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanda bolýan Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç köpçülikleýin bag ekilişine gatnaşdy.


18.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz bagy-bossanlyga büremegiň ýazky möwsümine badalga berdi

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi, onuň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça 416 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowrak düýbüne ideg edildi.


18.03.2017 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň forumy ýurdumyzyň işewürler-jemgyýetçiliginiň täze tekliplerini öňe ilerletmek üçin meýdança öwrüldi

Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň we geljekki mümkinçilikleriniň çäklerinde şu gün TSTB-niň Işewürler merkezinde maslahat geçirildi.


18.03.2017 | Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 23,1 million dollaryndan gowraga barabar boldy

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter