Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.06.2017 | Aşgabat V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýar

Şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär.


09.06.2017 | Aşgabatda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar

Şu ýylyň 15-16-njy iýun aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen -wenger toparynyň üçünji mejlisini Aşgabat şäherinde geçiriler. Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.


09.06.2017 | Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy.


08.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


08.06.2017 | Türkmenistanda sebit ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu mejlis ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.


08.06.2017 | Türkmen ýüpekçileri borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Ýurdumyzyň ýüpekçileri möhüm zähmet üstünligini gazandylar. Olar döwlete 2 müň 40 tonna golaý pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hoş habar berdiler.


07.06.2017 | Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň düzümleri bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport wekiliýetleriniň ýerleşjek ýeri bolan ýaşaýyş jaý toplumy, lukmançylyk merkezi we Halkara ýaýlyma beriş merkezi bilen tanyşdy.


07.06.2017 | Halkara ekologiýa forumynyň jemleri jemlendi

Türkmen paýtagtynda “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly maslahat Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy.


07.06.2017 | Bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi – ykdysady ösüşiň esasy ugry

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edaralarynyň, düzümleriniň we bank ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmekde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.


07.06.2017 | «Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly monografiýasy çap edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan taýýarlanylan iri ylmy monografiýa şeýle atlandyrylýar. Neşirde özygtyýarly we Bitarap döwletiň kemala gelmeginiň taryhy, Garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde ýetilen sepgitler barada gürrüň berilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter