Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.05.2017 | Korrupsiýa garşy göreşmek we ösüp gelýän nesli terbiýelemek wezipelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Aşgabatda “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Halal zähmet—bagtyýar durmuş” atly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, , habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleri, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary , hormatly ýaşulular, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar, ähli welaýatlardan jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.


23.05.2017 | Aşgabatda KHBS-niň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy

Aşgabatda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň derwaýys meseleleri” atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Mejlisiň, Adalat ministrliginiň, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


23.05.2017 | Türkmenistanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC - 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we Söwda-senagat edarasy gurady.


23.05.2017 | Balkanabadyň alpinistlery belentligine çalt çykmakda Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi eýeledi

Uly Balkan gerşiniň belentligine – Balkan welaýatyndaky Arlan dagyna belentlige çalt çykmak skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň şu ýylda geçirilen ikinji tapgyry boldy. Bäsleşikleri Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” we “Mert” alpinist klublary geçirýär.


23.05.2017 | Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Friganasdan ynanç hatyny kabul etdi.


23.05.2017 | Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýaroslaw Sirodan ynanç hatyny kabul etdi.


23.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II-ä we ýurduň Premýer-ministri Tereze Meýe “Mançester Arena” stadionynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


22.05.2017 | Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň başlygynyň orunbasary, onuň Hemişelik komitetiniň baş sekretary jenap Wan Çen ýolbaşçylyk edýär.


21.05.2017 | Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medaly gazandy

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda şu gün Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medala eýe boldy. 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Annageldi Agamyradow uşu boýunça bäsleşikde şeýle üstünlik gazandy.


21.05.2017 | Türkmen göreşi sportuň olimpiýa görnüşi derejesine dalaş edýär

18 — 21-nji maýda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen göreşi boýunça Afrikanyň ilkinji çempionaty geçirildi, şeýle hem Afrika yklymynyň Göreş federasiýasy döredildi. Çempionata 10-dan gowrak ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar erkekler üçin üç agram derejesinde, zenanlar üçin üç agram derejesinde guraldy. Bäsleşiklere Türkmenistanyň Guşakly göreş milli federasiýasynyň wekilleri eminlik etdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter