Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrar

Hormatly Prezidentimiz Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň ulanmaga berilmek dabarasynda çykyş edip, täze kärhananyň ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri – himiýa senagaty ösdürmek babatynda strategiki ähmiýetini belledi.


31.03.2017 | Garlygyň dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy ilkinji önümlerini içerki we daşarky sarp edijilere ugratdy

Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplum öz önüminiň ilkinji tonnalaryny içerki we daşarky sarp edijilere ugratdy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen senagat toplum kaliý dökünlerini awtoulaglarda we demir ýol ulaglarynda ugradyp başlady.


31.03.2017 | Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işine badalga berdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garlykdaky kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-iagdan bpýlagşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine badalga berdiler.


31.03.2017 | Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.


30.03.2017 | Türkmenistan we Belarus hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasyny tassykladylar

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.


30.03.2017 | Türkmen woleýbolçylary Aziýanyň merkezi sebitiniň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýeleri

Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy topary şu günler Maldiw Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň kümüş medallaryny eýeledi. Türgenlerimiz jemleýji duşuşykda Gyrgyzystanyň topary bilen bäsleşdi. Çekeleşikli bäsleşigiň barşynda ýurdumyzyň woleýbolçylary baş baýragyň eýesi bolan garşydaşlaryndan asgyn geldiler.


30.03.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasyny açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyn gatnaşdylar.


30.03.2017 | Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko: biziň döwletlerimiz strategiki hyzmatdaşlardyr

Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda geçirilen türkmen-belarus gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edip, Belarusda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändiklerini belledi. Ýurduň ýolbaşçylarynyň halkyň abadançylygyna gönükdirilen döredijlikli syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli ýöredýän ugry çuňňur hormat döredýär. Içerki we daşary meseleleri çözmäge çemeleşmeleriň meňzeşdigi Belarus bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyny kesgitledi diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy.


30.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky ýokary derejeli türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini kesgitledi.


30.03.2017 | Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Aşgabatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter