Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowany kabul etdi, ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


03.05.2017 | Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi.


02.05.2017 | Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi açyldy

Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň däp boýunça geçirýän nobatdaky ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öý hojalyk harytlaryny öndürijileriň ýeten derejelerini, şeýle hem bu ugurdaky täze işläp taýýarlamalary we meýilleri görkezmäge gönükdirilendir.


02.05.2017 | Türkmen küştçüleriniň we karateçileriniň nobatdaky baýraklary

Biziň ildeşlerimiz iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelemek bilen tomaşaçylary begendirýärler. Bu gezek olar mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatynda hem-de aşihara-karate boýunça Ýewraziýanyň Kubogy ugrunda açyk ýaryşda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda alty medal – bir altyn, üç kümüş we iki bürünç medal gazanyldy.


02.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ilaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Şol jaýlary bolsa dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda öndürilen döwrebap mebeller we öý hojalyk harytlary bezeýär.


01.05.2017 | Türkmenistanda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň – Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Bu ýurtlaryň Daşary işler ministrleri mejlise getnaşmak üçin Aşgabada geldiler.


01.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.


01.05.2017 | Türkmenistanda temmäkä garşy göreş boýunça biraýlyk geçirilýär

Şu gün türkmen paýtagtynda temmäkä garşy göreş boýunça köpçülikleýin çäreleriň biraýlygy badalga aldy. Wagyz çäresine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda guralýan bu çäre ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkyň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir, Türkmenistanda adam jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy diýlip yglan edildi.


01.05.2017 | Zehiniň baş maksady – Watana we halka hyzmat etmek

Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Maýa Kulyýewa milli medeniýetimiziň ady rowaýata öwrülen meşhur wekilidir. Bu tanymal aýdymçynyň ady bilen türkmen opera sungatynyň kemala geliş taryhy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol geçen asyryň 40-njy ýyllarynda milli opera sungatynyň ýylýazgysyny täze sahypadan ýazyp başlan sungat işgärleriniň hatarynda bolupdy.


01.05.2017 | Kikboksing, agyr atletika we suwda ýüzmek boýunça Aziýa çempionatlaryna sözsoňy

Geçen aýda ýurdumyzda halkara derejeli iri ýaryşlar üstünliklere beslendi. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň üç çempionaty—kikboksing, agyr atletika hem-de suwda ýüzmek boýunça birinjilikleri geçirildi. Bäsleşikleriň barşynda türkmen türgenleri jemi 96 medala—30 altyn, 32 kümüş we 34 bürünç medallara eýe boldular. Şunda söweş görnüşleri ýaryşlarda türgenlerimiz umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter