Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti YHG agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy.


01.03.2017 | YHG-nyň Sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny beýan etdi

Yslamabatda geçýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegi ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär diýip, aýtdy. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygerli durmuşa geçirýär.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabada geldi

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiltine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG sebit boýunça netijeli gepleşikler üçin oňyn şert hökmünde garaýar

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammiti geçýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.


01.03.2017 | Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIII Sammiti açyldy

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiti açyldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.


28.02.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


28.02.2017 | Oýunlaryň başlanmagyna 200 gün galanda Aziada-2017-niň nyşany Duşakerikdag gerşine galdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň bilelikde guran “Dagyň depesine çykmak, taslamasynyň çäklerinde Aziada-2017-niň nyşany hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň iň belent dag gerişlerine galdyrylýar.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti hökümet düzüminde wezipelere belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi:


28.02.2017 | Aşgabadyň Sergi merkezinde Eýran kompaniýalarynyň önümleri görkezildi

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi işläp başlady. Sergide goňşy döwletiň dürli pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň giň görnüşleri görkezilýär.


28.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter