Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.04.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna deň boldy

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň täjirleri göni arassalanan benzini, awtobenzini, dizel ýangyjyny (SNGIZ) satyn aldylar.


07.04.2017 | Aziýanyň küşt federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip atlandyrdy

“Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde hormatly Prezidentimize “Ýylyň adamy” hormatly derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurmak dabarasy boldy. Ony döwlet Baştutanymyza Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan dabaraly gowşurdy.


07.04.2017 | Awazada Buzly köşgüň açylyşynda figuraçy typyjylar çykyş etdiler

Awazada Buzly köşk iri sport toplumynyň ulanmaga berilmeginiň çäklerinde açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


07.04.2017 | Awazada başa-baş söweş sungatynyň toplumy sambo, jiu-jitsu we göreş boýunça ussatlaryň tutluşyklary bilen açyldy

Awazada bina edilen iri köpugurly sport desgasynyň çäklerinde açylan söweş sungatlarynyň toplumynda birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar.


07.04.2017 | Awazada iri sport desgasynyň ulanmaga tabşyrylamgy telekeçiligiň ýokary ösen derejesine şaýatlyk edýär

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylan Sport toplumy hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiligiň ýokary ösüş derejesinden habar berýär.


07.04.2017 | “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri sport toplumy açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň kenar ýakasyndaky Bütindünýä saglyk gününde iri sport toplumy açyldy.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Ol Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara kongrese gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de RF-niň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Şu gün Awazada Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.


07.04.2017 | RLDP-nyň başlygy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen at gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenbaşy şäherinde geçýän dabaralara gatnaşýan Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskä “Hormatly il ýaşulysy” diýen ady dakmak hakynda şahadatnamany we döşe dakylýan tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter