Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.04.2017 | 18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlanýar

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlanýar, sapar türkmen Lideri tarapyndan özüniň gazagystanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.


17.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!


16.04.2017 | Durdyýewleriň maşgala agzalary -- iňlis-amerikan şaşkasy boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň öňdebaryjylary

Balkan welaýatynyň merkezindäki ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebinde iňlis-amerikan şaşkasy boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaryşa gelen şaşkaçylar diňe bir medallar ugrunda bäsleşmän, şu ýylyň iýun aýynda ABŞ-da geçjek dünýä çempionatynda çykyş etmeli milli ýygyndymyzyň esasy düzüminde agza bolmak üçin hem göreşdiler.


16.04.2017 | Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak türkmen boksçylary bilen görkezme türgenleşigini geçirdi

Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda boks boýunça görkezme türgenleşikleri boldy, ony belli türgen bolan—Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen Olimpiada –2000-iň ýeňijisi, dünýä we Ýewropa çempiony, Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak geçirdi. Ol ýakyn ýyllarda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçriljek XXXII Bütindünýä tomusky oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça türkmen boksçylaryny türgenleşdirer.


16.04.2017 | Paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumlarynda jaýlary, durmuş we ulag düzümleriniň desgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär

Aşgabat gün günden gözelleşýär. Paýtagtymyzyň täze binalary onuň Köpetdag gerişleri bilen ägirt uly Garagum çöllüginiň arasynda gül açýan ýerde ägirt uly şähere öwrülýändiginden habar berýär. Ýurdumyza gelýän köp sanly myhmanlar şäherimizi synlap, göz öňünde emele gelýän gözel görnüşlere haýran galýarlar.


16.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz halk çeper döredijiligi boýunça bilermen toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň ýanynda halk çeper döredijiligi boýunça bilermen topary döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy; şeýle hem Çeper döredijiligiň halk ussasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


15.04.2017 | Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde halkara çärelerine taýýarlyk görülişine garaldy

Aşgabatda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara çärelerini geçirmek baradaky Guramaçylyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


15.04.2017 | Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, azyklyk bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük we mata, nah ýüplügiň galyndylary satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak boldy.


14.04.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň meselelerine we resminamalaryň taslamalaryna garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.


14.04.2017 | Minskide hökümetara türkmen-belarus toparynyň sekizinji meälisi geçiriler

Minskide Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karary bilen toparyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter