Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.02.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.


10.02.2019 | Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr

Ýurdumyzda ozal çykyp giden Mejlisiň deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalygyna 31-nji martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu gezekki saýlaw ýurdumyzda milli demokratik ýörelgelere esaslanýan halk häkimiýetliliginiň köp derejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde nobatdaky ädime öwrüler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji derejeli talaplarynyň biridir.


10.02.2019 | Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap derejede gurlup, ulanmaga berlen ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


08.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


08.02.2019 | Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas» halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


07.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti: Kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


07.02.2019 | Türkmenistan Demirgazyk Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 2019-njy ýylyň 7 — 9-njy fewraly aralygynda Tunis Respublikasynyň Tunis şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


07.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen her ýyl duşuşmak bizde indi däbe öwrüldi. Ine, şu gün hem siziň bilen häzirki döwürde ata Watanymyzy ösdürmegiň örän möhüm taraplaryny göz öňünde tutýan bilelikde ýerine ýetirmeli işlerimiziň ugurlaryny kesgitlemek üçin ýygnandyk.


06.02.2019 | «Açyk gapylar» we oňyn bitaraplyk syýasaty

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giňden ykrar edilen, ösüşlere beslenen täzeçillik syýasaty netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda Türkmenistan halkara abraýyny has-da artdyryp, parahatçylykly daşary syýasatyny, demokratik özgertmeleri, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi.


06.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter