Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.03.2017 | Türkmen senagaty durmuş tehnikalarynyň çykarylmagyny özleşdirýär: ýurdumyzyň tozan sorujylary we elektrik demojaklary peýda bolar

Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Senagat ministrligi tarapyndan bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylýar.


10.03.2017 | Utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýa üçin hünärmenler öňdebaryjy tejribä laýyklykda taýýarlanylar

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleri okatmak boýunça meýilnama işlenilip düzüldi.


10.03.2017 | “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


08.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir diýlip aýdylýar. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toy aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär.


08.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlagy

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi joşgunly baharyň gül açýan – tebigatyň lälezar görnüşe dolup, dag-derelerimiziň gül-güläleklere beslenýän, Hydyr gören çöllerimiziň heýjana gelip, kalplarymyzy joşa getirýän ajaýyp paslynda dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


08.03.2017 | 8-nji martda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäresi geçirildi

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanylan dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler sarpalanyldy.


07.03.2017 | Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri täze köprüleriň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar

Şu gün Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalaryny ulanmaga bermek dabarasy boldy.


07.03.2017 | Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen ulag gatnaşyklaryny giňeltmegiň geostrategiki ähmiýetini belledi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyşy mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabarada çykyp edip, täze köprüleriň iş ýüzünde dostluk köprüleri, hoşniýetli goňşuçylygyň däpleriniň dowamatlylygynyň nyşanlary hem-de biziň nesillerimiz üçin mynasyp mysal bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.


07.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” kompaniýasyna Amyderýanyň üstünden köprüleri gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi

Türkmenabat şäherinde iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat topary” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.


07.03.2017 | Türkmenistanyň zenanlary konsertleriň, sergileriň, bäsleşikleriň baş gahrymanlary boldular

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlaryna ajaýyp sowgat boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter