Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.04.2017 | Gazagystanyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy

Gazagystanyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda döwlet saparyna gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Gazagystanly okyjylara “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” diýen kitaplar hödürlenildi.


19.04.2017 | Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.


19.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Astanada Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Gazagystanyň milli muzeýiniň toplumy 14 müň inedördül metrden gowrak umumy sergi meýdançasy bolan zallaryň 11-sini özünde jemleýär.


19.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýup, Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady.


19.04.2017 | Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy

Mejlisde däbe öwrülen parlamentara gatnaşyklaryň çäginde Ýewropa parlamentiniň wise-başlygy jenap Rişard Çarneskiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlary bilen duşuşyk boldy.


18.04.2017 | Türkmen – gazak gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama bilen berkidildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


18.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dostyk” ordenine mynasyp boldy

Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti “Akorda” köşgünde resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.


18.04.2017 | Prezidentlen Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew köpçülikleýin habar beriş serşdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler

Ýokary derejede geçirilen türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soň, iki ýurduň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.


18.04.2017 | Türkmenistan we Gazagystan ýaragsyzlanmak babatda bilelikde iş alyp bararlar

Türkmenistan we Gazagystan ýaragsyzlanmak babatda özara gatnaşyk eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Nursultan Nazarbaýewiň Astanada geçirilen giňişleýin düzümdäki gepldeşiklerde bu abarada aýdyldy.


18.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna çagyrdy

Gazagystanda döwlet sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljäek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter