Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.05.2017 | Türkmenistanda temmäkä garşy göreş boýunça biraýlyk geçirilýär

Şu gün türkmen paýtagtynda temmäkä garşy göreş boýunça köpçülikleýin çäreleriň biraýlygy badalga aldy. Wagyz çäresine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda guralýan bu çäre ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkyň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir, Türkmenistanda adam jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy diýlip yglan edildi.


01.05.2017 | Zehiniň baş maksady – Watana we halka hyzmat etmek

Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Maýa Kulyýewa milli medeniýetimiziň ady rowaýata öwrülen meşhur wekilidir. Bu tanymal aýdymçynyň ady bilen türkmen opera sungatynyň kemala geliş taryhy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol geçen asyryň 40-njy ýyllarynda milli opera sungatynyň ýylýazgysyny täze sahypadan ýazyp başlan sungat işgärleriniň hatarynda bolupdy.


01.05.2017 | Kikboksing, agyr atletika we suwda ýüzmek boýunça Aziýa çempionatlaryna sözsoňy

Geçen aýda ýurdumyzda halkara derejeli iri ýaryşlar üstünliklere beslendi. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň üç çempionaty—kikboksing, agyr atletika hem-de suwda ýüzmek boýunça birinjilikleri geçirildi. Bäsleşikleriň barşynda türkmen türgenleri jemi 96 medala—30 altyn, 32 kümüş we 34 bürünç medallara eýe boldular. Şunda söweş görnüşleri ýaryşlarda türgenlerimiz umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.


01.05.2017 | Halkara olimpiadalarynda ýaş türkmenistanlylaryň täze üstünlikleri

Türkmen mekdep okuwçylary Gazagystanyň paýtagtynda 23-30-njy aprel aralygynda geçen himiýa boýunça 51-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.


01.05.2017 | Ýurdumyzyň iň belent nokadyndan çuň nokadyna çenli syýahat: Aziada-2017-niň nyşany—Akjagaýada

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlanylan watançylyk çärä gatnaşyjylar ýörişiň barşynda Aziada-2017-niň nyşany bilen Türkmenistanyň her bir welaýatynyň ajaýyp künjeklerine baryp gördüler. Döwlet habarlar agentligi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komiteti bu çäräniň guramaçylary boldular. Çäre Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleriniň gatnaşmagynda güýzde paýtagtymyzda geçiriljek iri möçberli ýaryşlary ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerinde wagyz etmäge ýardam berer.


01.05.2017 | Polat Bülbül ogly “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hoşallyk hatyny iberdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize hoşallyk hatyny iberdi.


01.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe ýurduň Oş oblastynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi.


01.05.2017 | “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda oba hojalyk toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahaty açyldy

Awazadaky “Daýanç” medeni-dynç alyş we sagaldyş merkeziniň maslahatlar zalynda kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli işgärleri we hünärmenleri üçin okuw maslahaty başlandy. Ol Türkmenistanyň Obasenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşi tarapyndan guraldy. Maslahatyň işine 120 adam gatnaşdy. Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Obasenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň “Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk!” şygary astynda umumy mejlisi geçirildi.


30.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi.


30.04.2017 | Türkmen kikboksçylary — umumy toparlaýyn çykyşlaryň ýeňijileri

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Onda türkmen türgenleri umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýelediler. Watandaşlarymyz altyn medallaryň 27-sini, kümüş medallaryň 25-sini we bürünç medallaryň 23-sini gazandylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter