Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.02.2020 | Parahatçylyk döredijilik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasydyr

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylan hem-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylda bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.


18.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


18.02.2020 | «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


17.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


17.02.2020 | Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jama Abdullahi Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.


17.02.2020 | Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine

BMG-niň Baş Assambleýasy 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini özüniň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul etdi.


17.02.2020 | Milli Liderimiziň beýik maksatlary halkymyzyň jebisliginiň özenidir

Fewral Watanymyzyň iň täze taryhynda aýlaryň seresidir. 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady.


16.02.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.


15.02.2020 | 2019-njy ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylaryna

Men şu günki şatlykly waka — geçen, 2019-njy ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan we bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine bir million amerikan dollary möçberde pul baýragynyň gowşurylmagy bilen sizi we etrabyň ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!


15.02.2020 | Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter