Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Bütindünýä serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Milli Liderimiz bu ýere “Astana EKSPO —2017” atly halkara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy.


09.06.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hyzmatdaşlygy, senagaty ösdürmek hem-de Aziada-2017-ä taýýarlyk meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredil


09.06.2017 | Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hökümet mejlisinde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.


09.06.2017 | Azerbaýjanda Türkmenistanyň ilçisi bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde degişli resminama gol çekip, Mekan Işangulyýewi Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi wezipesine belledi.


09.06.2017 | Aşgabatda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp, şu ýylyň 22-27-nji iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk dowam edýär.


09.06.2017 | Aşgabat V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýar

Şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär.


09.06.2017 | Aşgabatda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar

Şu ýylyň 15-16-njy iýun aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen -wenger toparynyň üçünji mejlisini Aşgabat şäherinde geçiriler. Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.


09.06.2017 | Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy.


08.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


08.06.2017 | Türkmenistanda sebit ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu mejlis ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter