Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.10.2017 | Türkmenistan - Owganystan demir ýolunyň açylyş dabarasy AVAwards 2017 bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy

Aşgabada ýörite baýrak getirildi. Bu baýraga meşhur halkara bäsleşiginde türkmen multimediýa taslamasy mynasyp boldy. Bu taslama Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyşynda hödürlenildi.


30.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitlerde hem-de paýtagtymyzda türkmenistanlylaryň abadan durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de Aşgabat şäherini ösdürmegiň taslamalary bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.


30.10.2017 | Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ignasio Ibanes Rubiodan ynanç hatyny kabul etdi.


30.10.2017 | Pasyllaryň çalyşmagyny sagdyn bolup garşylalyň: möwsümleýin keselleriň öňüni almak barada

Ýylyň her paslynyň öz ajaýyplygy bolup, olar saglygyňa paýhasly çemeleşmegi talap edýär. Pasyllaryň çalyşmagy we howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremegi mümkin. Olara garşy nähili göreşmeli? Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman ministrliginiň Maglumat merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa TDH-nyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.


29.10.2017 | TDHÇB-yň söwdalarynda esasan nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri uly orun tutdy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


28.10.2017 | Daşary ýurtly Liderler hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelmegini dowam edýär.


28.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk bäsleşiginiň hormatly myhmany boldy

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen bedewlerimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda şowhunly çäreleriň biri bolan at çapyşyklary geçirildi.


27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Bu şatlykly baýram hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny dabaralandyrýar.


27.10.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Per­ma­nlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglamak hakynda



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter