Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI Barselona şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, gynanç hatyny iberdi.


17.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli guralýan “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.


17.08.2017 | Türkmen gawunynyň güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Umumymilli baýram – Türkmen gawunynyň güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmekde ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Şu ýyl dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagyna gabatlanyldy.


17.08.2017 | Aşgabatda “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp görüp, bu ýerde guralan “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi bilen tanyşdy. Sergi oýunlaryň açylmagyna çenli 30 günüň galmagyna bagyşlanyldy.


17.08.2017 | Paýtagtymyzyň Olimpiýa toplumynda sportyň şanyna döredijilik baýramçylygy geçirildi

Ýurdumyzyň we daşary döwletlerden gelen sungat ussatlarynyň konserti “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna bir aýyň galmagy mynasybetli wakalara baý bolan günüň jemleýji çäresine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dürli öwüşginli çykyşlaryň hormatly tomaşaçysy boldy.


17.08.2017 | Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

Şu gün türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.


17.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ildeşlerimizi Türkmen gawunynyň güni bilen gutlady

Döwlet baştutany oba hojalyk işgärlerine we ildeşlerimiziň ählisine baýramçylyk gutlagyny iberip, hususan-da: «Biz ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklar bilen bir hatarda iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça maksatnamalýyn işleri durmuşa geçirýäris hem-de bu ugurda zerur çözgütleri kabul edýäris - diýip belledi.


16.08.2017 | Bosgunlaryň ýygyndy topary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşarlar

Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarçysyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň Ýerine ýetiriji komitetinde aýdyldy. Aşgabat Aziadasynda bosgunlara wekiliýetiň baştutany, Keniýanyň olimpiýa çempiony Tegla Lurup ýol görkeziji bolar, şeýle hem ol BMG-nyň “Sport we parahatçylyk” taslamasynyň ilçisidir.


16.08.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň nyşany dünýäniň iň beýik depeleriniň biri – Abu Ali ibn Sina nokadyna çykaryldy

Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň bilelikde guran “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlarynyň nyşany Türkmenistanyň iň belent dag gerişlerinde hem-de ýurdumyzyň her welaýatynyň ajaýyp ýerlerinde galdyryldy.


16.08.2017 | Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter