Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.06.2017 | Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde türkmen–german hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşylar

10-12-nji iýulda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Türkmenistan –Germaniýa: geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly duşuşyk geçiriler. Bu çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty hem-de Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi geçiriler.


23.06.2017 | Aşgabatda Hytaýda öndürilýän harytlaryň sergisi geçiriler

Aşgabatda 4-6-njy iýulda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň sergisi geçiriler. Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriljek sergä Hytaýyň elektrik enjamlaryny, gurluşyk materiallaryny, oba hojalyk we gurluşyk tehnikasyny öndürmekde ýöriteleşýän iri kompaniýalary öz işläp taýýarlamalaryny görkezerler.


23.06.2017 | Aziada-2017-niň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Türkmenistanda iýul aýynda şanly senelere hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagyna gabatlanyp, birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.


23.06.2017 | Türkmen gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” ýaryşynda gazanan bäş medaly

Türkmen türgeni Dominika Reýmer çeper gimnastika boýunça 10 ýaşa çenli çagalaryň toparynda “Singapor Open” 14-nji halkara ýaryşynyň barşynda üç altyn we iki kümüş medaly eýelemegi başardy. Bu ýaryşa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 100-e golaý türgen gatnaşdy.


23.06.2017 | Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri görkezildi

Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri, kinofilmler görkezildi hem-de konsertler guraldy.


23.06.2017 | Paýtagtymyzyň taksi ulaglary Aziada-2017-niň nyşanlaryna beslendi

Uly sport baýramynyň –Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň – Aziada-2017-niň nyşanlary Aşgabadyň köçelerinde hereket edýän Koreýa Respublikasynda öndürilen, dünýä belli “Hyundai” kysymly ýeňil awtoulagy bolan taksileriň daşky keşbini bezedi.


22.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamy boýunça wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet pul-karz syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de bu ulgamda ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipelere garaldy.


22.06.2017 | Aşgabatda Medeniýet hepdeligi-2017 badalga aldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanýan giň gerimli çäre türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


22.06.2017 | Döwlet gümrük gullugynda bolan iş maslahatynda ulag düzümlerini ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwlet gümrük gullugynda 20-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen baglylykda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiligini durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanylan iş maslahatynda geçirildi.


22.06.2017 | Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde gipsokarton çykarjak kärhana gurulýar

Ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokartony çykarmaga niýetlenen bölümleri Magdanlyda bar bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter