Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.07.2020 | Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesini aldy

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi.


21.07.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.


20.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgesi — türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam we onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasy esasy ugry bolup durýan durmuş ugurly döwlet syýasaty netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar.


19.07.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.


18.07.2020 | Pudagara toparynyň mejlisi

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


17.07.2020 | Diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň strategiýasydyr

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.


17.07.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:


16.07.2020 | Telekeçilige döwlet goldawy bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň şertidir

Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi.


16.07.2020 | Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň öňüni alyş çärelerini goldaýar

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan islegi bilen şertlendirilendir.


16.07.2020 | Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa –Hytaý gepleşiklerine gatnaşdy

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ministrler derejesindäki birinji duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter