Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.11.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Sylapow Muhammetseýit Babaýewiçe käýinç yglan edildi.


14.11.2019 | Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.


14.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


14.11.2019 | «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň açylmagy hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.


13.11.2019 | Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň maksady bolup durýar. Iri taslamalary amala aşyrmak üçin halk hojalyk toplumyna gönükdirilýän uly möçberdäki maliýe serişdeleri — bu Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegine goýulýan maýadyr.


13.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


12.11.2019 | Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy amal etdiler

Ýurduň demirgazyk sebitiniň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. 8 müň 100 gektar şaly meýdanyndan 35 müň tonnadan gowrak hasyl alyndy, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden artykdyr.


12.11.2019 | «Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen RF DIM-niň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.


12.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew yslam medeniýetine we sungatyna bagyşlanyp geçiriljek foto serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 14 — 16-njy noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


11.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Energetika ministrligine güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolan 1 sany transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter