Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.04.2017 | “Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri başlandy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgünde Astana döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi duşuşygy boldy.


18.04.2017 | Ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklary –sebitleýin ösüşiň möhüm görkezijisi

Astanada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gazagystanyň sazlaşykly ykdysady ösüşinde, olaryň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmakda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär.


18.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we gazak işewürliginiň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegini goldaýar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň işewür bileleşigi ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Gazagystanda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu abarada Astanada geçirilen gepleşiklerde aýtdy.


18.04.2017 | Energetika ulgamy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar

Energetika Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen türkmen-gazak gepldeşikleriniň dowamynda aýtdy.


18.04.2017 | Türkmenistan Ownganystandaky ýagdaýyň syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady

Gazagystanda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly we syýasy serişdeler bilen kadalaşdyrylmalydygyny belledi.


18.04.2017 | Ekologiýa meselesi türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Prezident Nursultan Nazarbaýew bilen geçiren gepleşiklerinde ekologiýa meselesini ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mmöhüm ugry hökmünde görkezdi.


18.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti: Hazar - hoşniýetli goňçylygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

Astanada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň derejesi hakyndaky Konwensiýa Gazagystanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň nobatdaky Sammitinde gol çekiljekdigine ynam bildirdi.


18.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Astana geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astananyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Gazagystanyň resmi wekildleri we ýurdumyzyň hökümet toparynyň agzalary garşyladylar.


17.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.


17.04.2017 | 18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlanýar

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlanýar, sapar türkmen Lideri tarapyndan özüniň gazagystanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter