Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.05.2017 | «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara sergä we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisine gatnaşyjylara

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


26.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Onda döwlet durmuşyna degişi möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


26.05.2017 | Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp Aşgabatda Halkara ekologik ýorumy geçiriler

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Aşgabatda sebit we halkara guramalarynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşky gurşawy goramak, suw hojalygy ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda çäreler toplumy geçiriler.


26.05.2017 | Ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek boýunça teklipleri seljermek maksady bilen pudagara topary döredildi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek baradaky teklipleri seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


26.05.2017 | Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleri öz hünär gününi pudak boýunça seginiň açylmagy bilen belläp geçerler

Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleri öz hünär baýramyny – dokma senagaty işgärleriniň gününi iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellärler.


26.05.2017 | Kuweýt Döwletiniň Emiri Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň prezidentini gutlady

Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jabar Al-Sabah Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli öz gutlaglaryny iberdi.


26.05.2017 | Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al-Nahaýan Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady.


26.05.2017 | Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherindäki Nebitçilik uniwersitetiniň binýadynda “Türkmenistan” Merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Şensi welaýatynyň hökümetiniň we Siýan şäheriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.


26.05.2017 | Iýunyň baýramçylyk senenamasynda – Aziada-2017-ä 100 gün galmagyna bagyşlanan dabaralar

Tomus paslynyň birinji aýy Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda iýun aýynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni, Dokma senagaty işgärleriniň güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli döredijilik we beýleki çärelere beslener.


26.05.2017 | Türkmenistanda korrupsiýa we paraholrluga garşy göreşmegiň Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar

Döwlet Baştutanymyzyň maslahatlaryna laýyklykda korrupsiýa hem-de parahorluga garşy göreşmek baradaky ýörite döwlet maksatnamasy işläp taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň milli parlamentiniň başlygy A.Nurberdiýewa habar berdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter