Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.07.2017 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Çaryýar Durdymyradowiç Ahmedowyň üstüne ýüklenildi.


07.07.2017 | “Aziýanyň ýaňy” halkara festiwalynda gazanylan ýeňiş

Türkmen sirkiniň wekili Gazagystanyň paýtagty Astanada 2—6-njy iýul aralygynda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” sirk sungatynyň Х Halkara festiwalynda altyn baýragy eýeledi.


07.07.2017 | Howa gimnastikaçy Parahat Orazlyýew – “Aziýanyň ýaňy” festiwalynyň altyn medalynyň eýesi

Türkmen sirkiniň wekili Gazagystanyň paýtagty Astanada 2-6-njy iýul aralygynda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” sirk sungatynyň Х Halkara festiwalynda altyn baýragy eýeledi.


07.07.2017 | Türkmenistanyň Milli kosmos agentligine täze ýolbaşçy bellendi

Alladurdy Ataýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.


07.07.2017 | RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklamak barada buýruga gol çekdi.


07.07.2017 | “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tehniki ýoduň önümçiligini artdyrýar

2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagat pudagynyň ösüşiniň jemleri barada habar berildi.


06.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy.


06.07.2017 | Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy

Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi dostlukly ýurduň senagat we eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmakda netijeli meýdança boldy.


06.07.2017 | Türkmenistanda Burkina-Fasonyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Burkina-Fasonyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Antuan Somdadan ynanç hatyny kabul etdi.


06.07.2017 | Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda resmi taýdan gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli halklarymyzyň arasyndaky öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar, geçen çärýek asyryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilýändigi üçin çäksiz hoşallygymy bildirýärin.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter