Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.05.2017 | Galla oragynyň öň ýanynda ýurdumyzyň oba hojalyk tehnikasynyň üstüne täze “Jon Deere” galla orujy kombaýnlary gelip gowuşdy

Oba senagat toplumyny okgunly ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça geçirilýän netijeli çäreler bu ulgamdaky öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.


04.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Gutlagda şeýle diýilýär: Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça I Ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, häzirki döwürde halkara ulag guramalary tarapyndan bütin dünýäde halkara ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça guramaçylyk we hukuk babatda amala aşyrylýan işler barada pikir alyşdylar.


03.05.2017 | Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy

Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni Palestinanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda tarpa-taýyn aradan çykdy.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowany kabul etdi, ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


03.05.2017 | Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi.


02.05.2017 | Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi açyldy

Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň däp boýunça geçirýän nobatdaky ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öý hojalyk harytlaryny öndürijileriň ýeten derejelerini, şeýle hem bu ugurdaky täze işläp taýýarlamalary we meýilleri görkezmäge gönükdirilendir.


02.05.2017 | Türkmen küştçüleriniň we karateçileriniň nobatdaky baýraklary

Biziň ildeşlerimiz iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelemek bilen tomaşaçylary begendirýärler. Bu gezek olar mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatynda hem-de aşihara-karate boýunça Ýewraziýanyň Kubogy ugrunda açyk ýaryşda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda alty medal – bir altyn, üç kümüş we iki bürünç medal gazanyldy.


02.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ilaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Şol jaýlary bolsa dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda öndürilen döwrebap mebeller we öý hojalyk harytlary bezeýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter