Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al-Sauda onuň dogany Şazada Mişaal ben Abdelaziz Al-Saudyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Gülüstan welaýatyndaky “Zemestan-Ýurt” kömür şahtasynda bolup geçen partlama netijesinde adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.05.2017 | Frank –Walter Ştaýnmaýer: biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine saýlanylmagym mynasybetli Siziň iberen hem-de meni ruhlandyran gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


04.05.2017 | Palestinanyň kompaniýalary Türkmenistanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýärler

Aşgabatda geçirilen türkmen-palestina işewürler maslahatynda hyzmatdaşlygyň häzirki mümkinçilikleri we geljekki ösüş ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Işewür duşuşyga Palestina döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.


04.05.2017 | Galla oragynyň öň ýanynda ýurdumyzyň oba hojalyk tehnikasynyň üstüne täze “Jon Deere” galla orujy kombaýnlary gelip gowuşdy

Oba senagat toplumyny okgunly ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça geçirilýän netijeli çäreler bu ulgamdaky öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.


04.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Gutlagda şeýle diýilýär: Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça I Ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, häzirki döwürde halkara ulag guramalary tarapyndan bütin dünýäde halkara ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça guramaçylyk we hukuk babatda amala aşyrylýan işler barada pikir alyşdylar.


03.05.2017 | Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy

Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni Palestinanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda tarpa-taýyn aradan çykdy.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowany kabul etdi, ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter