Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.05.2017 | Babagylyç Esenowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babagylyç Esenowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda çykaran 9/1 karary tassyklanyldy.


07.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklady

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


06.05.2017 | “Hanmudo” Milli federasiýasynyň başlygy Orif Buharakow - gara guşagyň eýesi

ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Baton-Ruž şäherinde hanmudo söweş sungaty boýunça halkara maslahat geçirildi. Muňa dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan bu ugur boýunça ussatlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hanmudo söweş sungaty Milli federasiýasynyň başlygy Orif Buharakow Türkmenistana wekilçilik etdi. Ol okuw synagyny üstünlikli geçip, gara guşaga (III dan) mynasyp boldy.


06.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlara we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny hatyralamak çäresi boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.


06.05.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.


05.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.


05.05.2017 | Türkmenistanyň wekiliýeti milli edebiýatymyzyň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarat eder

Türkmenistanyň wekiliýeti 12-14-nji maýda Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine zyýaraty amala aşyrar. Bu çäre Konstitusiýa gününe we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanýar.


05.05.2017 | Türkmenistanda ýene-de iki şypahana gurlar

Türkmenistanda - Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýene-de döwrebap şypahanalaryň ikisi gurlar.


05.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “EKSPO-2017-de” häzirki Türkmenistanyň aýdyň keşbini döretmek gerek

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 10-njy iýun – 10-njy sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek “EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisinde türkmen ekspozisiýasyny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.05.2017 | Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi

Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter