Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.06.2017 | Türkmenistanyň DIM-de BMG bilen hyzmatdaşlyk babatyndaky duşuşyk

Daşary işler ministrliginde “Birleşen Milletler Guramasy-Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi.


21.06.2017 | “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady

Şu gün paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady.


21.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy mübärek Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda örän köpöwüşginli we çuňňur pelsepä ýugrulan tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat we sarpa goýmak ýalydessurlary döredipdir--diýlip gutlag hatynda aýdylýar.


20.06.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliginiň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli durmuş-ykdysady ösüş babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler hem-de bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet gümrük gullugynyň täze binasynda geçirilen mejlisde şeýle hem ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam bermek hem-de bu ugurda geljek uly ugurlary kesgitlemek meselesine hem garaldy.


20.06.2017 | Köpugurly sergide türkmen bazarynyň geljegi görkezildi

Paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi açyldy. Sergi türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny doly derejede görkezýär.


20.06.2017 | Ýakyn wagtda V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň petekleri ýerlenip başlanar

Aşgabatda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda diplomatik duşuşyk geçirildi.


20.06.2017 | BMG-niň bilermenleri Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda Türkmenistanyň ösüşine ýokary baha berýärler

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Ol Durnukly ösüşiň maksatlarynyň durmuş görkezijilerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.


20.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: halkara gepleşikleri – ykdysady ösüşiň möhüm bölegi

Türkmen paýtagtynda «Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy - 2017» atly köpugurly sergi açylýar. Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi.


19.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tokaý ýangyny zerarly gynanç bildirdi.


19.06.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda orak möwsüminiň barşyna we Medeniýet hepdeligine taýýarlyk baradaky meselelere garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem öňde boljak döredijilik çäresine — şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter