Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.06.2017 | Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy V Aziada bagyşlandy

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna hem-de sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyldy.


25.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi künjekleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, oňaýly ekologiýa ýagdaýyny saklamak hem-de şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin amatlyklary üpjün etmek, seýilgäh zolaklaryny döretmek we onuň syýahatçylyk özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berdi.


25.06.2017 | “Ruhubelentler” diýen ilkinji gezek görkezilen opera sahnasy sporta we ylhama bagyşlandy

Ýola goýlan asylly däbe görä, opera sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilişi 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda döredilen Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyldy. Bu sene milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň täzeden galkynan senesi hökmünde taryha girdi.


25.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi.


25.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife ýurduň Paraçinar hem-de Kwetta şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


25.06.2017 | Gresiýanyň Prezidenti diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli türkmen Liderine gutlag iberdi

Gresiýanyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli iberen hatyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.


25.06.2017 | Döwlet Baştutanymyz Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň düzümini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.


24.06.2017 | Aziada-2017 döwründe syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar we awiapetekleriň bahasy peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar hem-de ýerli howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy peseldiler. Bu baradaky teklibi anna güni, 23-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


24.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentine Laşkargah şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä ýurduň Laşkargah şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


24.06.2017 | Dowamatlylyk Medeniýet hepdeliginiň üçinji gününiň esasy meselesi boldy

Agabatda geçýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki güni iri döredijilik çäresine gatnaşyjylar üçin “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan başlandy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter