Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.09.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmyrat Gurbannazarowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/2-nji karary tassyklanyldy.


04.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.Gurbannazarow hakynda

Orazmyrat Gurbannazarowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellemeli.


04.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Işanow A.B. hakynda

Işanow Amandurdy Bekdurdyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.


03.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


03.09.2019 | Milli taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny» atly maslahat geçirildi, onuň çäklerinde arheologiýa tapyndylarynyň sergisi guraldy.


03.09.2019 | Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda türkmen türgenleri ýene ýedi medala eýe boldular

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dowam edýän Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli medallaryň ýene-de 7-sini gazandy.


02.09.2019 | Bilim arkaly beýik geljek döredilýär

Şu gün Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy giňden we dabaraly ýagdaýda baýram edildi. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaňlanan mekdep jaňlary okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Düýn bolsa Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunda köpçülikleýin dabaralar, agşamara paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde konsert hem-de tapawutlanan mugallymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy boldy.


02.09.2019 | Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň nobatdaky halkara üstünlikleri

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde 27-nji awgust — 7-nji sentýabr aralygynda başa-baş söweş sungatlary boýunça Bütindünýä oýunlary geçirilýär, bu ýaryşlara dünýäniň 100 ýurdundan 2 müňden gowrak türgen gatnaşýar.


02.09.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetmyradow Ýazmyrat Muhammetmyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.


02.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter