Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek barada tabşyryk berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna welaýat häkimlerine geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmäge girişmegi tabşyrdy.


07.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz: ýurdumyzyň bähbidine gönükdirilen ösen demokratik döwletleriň derejesine çykmakda möhüm ädimler ädildi

7-nji iýulda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejilisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada durup geçdi.


07.07.2017 | 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýokarlandyrylar.


07.07.2017 | “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýatyryldy

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýatyryldy.


07.07.2017 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de eden ÇY­KY­ŞY

Hor­mat­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry! Hor­mat­ly adam­lar!


07.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.


07.07.2017 | Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly ösüş gazanylýar

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oňat ösüş derejesi gazanyldy. Bu barada ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde aýdyldy.


07.07.2017 | Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty 9-njy oktýabrda geçiriler

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda geçiriler.


07.07.2017 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Çaryýar Durdymyradowiç Ahmedowyň üstüne ýüklenildi.


07.07.2017 | “Aziýanyň ýaňy” halkara festiwalynda gazanylan ýeňiş

Türkmen sirkiniň wekili Gazagystanyň paýtagty Astanada 2—6-njy iýul aralygynda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” sirk sungatynyň Х Halkara festiwalynda altyn baýragy eýeledi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter