Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.07.2017 | Türkmen wekiliýeti «John Deere» kompaniýasynyň zawodlarynda boldular

Şu günler Maýyn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilýän “Türkmenistan-Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri GFR-iň iri maşyngurluşyk käphanalaryna baryp gördüler. Türkmen wekiliýeti Mangeým, Bruhzal hem-de Swaýbrýukken şäherlerinde ýerleşýän «John Deere» kompaniýasynyň iri zawodlarynda bolup, işleriň guralyşy we çykarylýan önümler bilen tanyşdylar, şeýle hem Kaýzerslautern şäherindäki Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine baryp gördiler.


10.07.2017 | Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kemal Muftiçden ynanç hatyny kabul etdi.


10.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Haltmaagiýn Battulga, onuň Mongoliýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


10.07.2017 | Türkmen paýtagtynda täze binalaryň açylyş dabaralary

Şu gün ak mermerli paýtagtymyzda täze binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary geçirildi. Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 316-sy ulanmaga berildi. Olara 330-dan gowrak maşgala göçüp bardy. Şeýle hem “Altyn zaman” söwda we hyzmatlar merkezi açyldy, ol A.Nowaýy köçesiniň Görogly şaýoly bilen kesişýän ýeriniň golaýynda ýerleşýär.


10.07.2017 | Türkmenistanda ýaşlary ýokary okuw mekdeplere kabul etmegiň möçberi artdyryldy

Ýurdumyzda ýokary hem-de orta hünär mekdeplerine resminamalary kabul etmek çäreleri başlandy. Bu çäräniň ilkinji güni işjeň häsiýete eýe boldy. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan ägirt uly wezipeleriň çözülmegine goşantlaryny goşmagy arzuw edýändikleriniň subutnamasydyr.


10.07.2017 | Türkmenistan — Germaniýa: işewür hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti GFR-e bardy, bu ýerde şu gün “Türkmenistan — Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewür çäräniň birinji güni geçirildi.


09.07.2017 | Aşgabadyň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary

Aşgabatda, Aziada-2017-niň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary boýunça synag geçirildi. Oňaýly syýahatçylyk awtobusynda gyzykly gezelenç daşary ýurtly myhmanlara paýtagtymyzyň owadan we belent binalaryny, özboluşly gözelliklerini synlamaga mümkinçilik berer.


08.07.2017 | Türkmenistanyň DHÇMB-da geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 89 million 728 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.


07.07.2017 | Türkmenistan ýarym ýylda 105 halkara resminamalara gol çekdi

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda dürli derejedäki wekiliýetleriň 248-si döwletimize sapar bilen geldi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.


07.07.2017 | TOPH gazgeçirijisiniň gurluşyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy, gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat berdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter