Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.09.2017 | Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.


14.09.2017 | Türkmenistan we BMG strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyryna çykýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda (ABŞ) BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahaty öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli ileri tutulýan garaýyşlaryny hem-de täze başlangyçlaryny beýan eder.


14.09.2017 | Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Aziada gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklary galdyryldy

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýaryşlara gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol ýurtlaryň wekiliýetleri eýýäm Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.


14.09.2017 | “Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň aragatnaşyk ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün eder

Ýakyn günlerde Aşgabatda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň möhüm düzüm bölegi aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr.


14.09.2017 | Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyrylyş yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.


14.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Malaýziýanyň XV Ýokary Baştutany Sultan Muhammad V we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razaga Kuala-Lumpur şäherindäki mekdepde bolup geçen heläkçilikli ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu pajygaly wakada köpsanly mekdep okuwçylarynyň gurban bolmagy bizi has hem gynandyrýar diýlip, hatda bellenilýär.


14.09.2017 | Awstraliýaly türgenler “Aşgabat 2017” oýunlarynda çykyş etmäge taýýarlanýarlar

Awstraliýadan 18 türgen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary orunlaryna dalaş etmek we has köp tejribe toplamak maksady bilen agyr atletika, göreş hem-de thekwondo boýunça ýaryşlara gatnaşar.


14.09.2017 | Özbek taekwondoçylary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşikli göreşlere taýýar

Özbegistanyň taekwondoçylary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda mynasyp çykyş etmegi maksat edinýärler.


14.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynda türgenleriň bäşisi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tugy astynda çykyş eder

5 türgenden ybarat bolan bosgunlaryň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi. Olar “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üsti ýapyk ýeňil atletika meýdançasynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda çykyş ederler. Keniýaly uzak aralyga ylgaýjy meşhur Tegla Lorupe wekiliýetiň ýolbaşçysy boldy.


14.09.2017 | Gyrgyzystandan kikboksing boýunça Ýewraziýa çempiony Aşgabat Aziadasynda çykyş eder

Gyrgyzystandan bolan 35 ýaşly meşhur kikboksçy Alen Ofoýo dört ýyl arakesmeden soň, “Aşgabat 2107” oýunlarynyň ýaryşlarynda çykyş eder.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter