Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.03.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Amyderýa jülgesiniň senagat düzüminiň täze iri gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu sebitde durmuş-ykdysady taslamalaryň ilerledilişi bilen tanyşdy.


12.03.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


11.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.


11.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Bilelikdäki beýannamasy

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy.


10.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyna

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Milli Liderimiziň bu sapary azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.


10.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


08.03.2020 | Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň dabaralar zalynda baýramçylyk konserti boldy

Halkara zenanlar gününde jemgyýetimiziň ajaýyp zenanlarynyň hormatyna ýurdumyzyň belli artistleri uly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde gelin-gyzlara bagyşlanan çykyşlar guraldy.


08.03.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy.


08.03.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenýän ýylynda joşgunly çäreler bilen utgaşýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, eziz Watanymyza söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!


07.03.2020 | Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 258-sine «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň başlygy, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter