Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.06.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine gutlag hatyny iberdi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara


12.06.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine


10.06.2017 | “Aşgabat 2017” şekili Astanada EKSPO sergisinde görkezildi

Astanada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň baran EKSPO meýdançasynda Türkmenistan öz ekspozisiýasynyň çäklerinde “Aşgabat-2017” uly göwrümli taslamany görkezdi. Ol sentýabrda geçiriljek sport forumy arkaly ýurdumyzyň häzirki zaman üstünliklerini, açyklygyny, parahatçylyk söýüjiligini hem-de türkmenistanlylaryň myhmansöýerligini, paýtagtymyzyň gözelligini görkezmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzyň ähmiýetli nyşanyna öwürlen iň häzirki zaman sport derejeli Olimpiýa şäherjiginde “ýaşyl” tehnologiýalar hem ornaşdyryldy.


10.06.2017 | EKSPO-2017-de milli sergi bolümimiziň düýp özeni – energetika pudagynda innowasion taslamalar

Türkmen sergisi EKSPO-2017-de meýdany boýunça iň ulularynyň biridir. Onuň çeperçilik bezegi türkmen medeni mirasynyň keşbine öwrülen tanalýan gölleri bilen milli nyşanlar astynda gurnalypdyr.


10.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO-2017-de Türkmenistanyň sergi merkezini açdy

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralarynyň hem-de önümçilik kärhanalarynyň birleşdirilen iri möçberli sergisiniň ýaýbaňlandyrylan EKSPO-2017 sergiler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin garşylady.


10.06.2017 | “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Mary welaýatynyň merkezinde “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy.


10.06.2017 | Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini, agyr wakum gazoýlyny satyn aldylar.


10.06.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi


10.06.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumyna gatnaşyjylara


09.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Bütindünýä serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Milli Liderimiz bu ýere “Astana EKSPO —2017” atly halkara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter