Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.06.2017 | Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Regina Weronika Mariýa Jons – Bosdan ynanç hatyny kabul etdi.


18.06.2017 | Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ösüş ugruna oňyn baha berdi

Ýakynda merkezi metbugatyň sahypalarynda Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Türkmenistan bilen degişli Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda geçirilen 2017-nji ýylda geňeşleriňgnetijeleri barada metbugat-maslahaty çap edildi.


18.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat edaralarynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

Hormatly adalat edaralarynyň işgärleri! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň adalat edaralarynyň işgärlerinift güni bilen tüys ýürekden gutlaýaryn!


17.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Tereza Meýe London şäheriniň “Grenfell-Tauer” binasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.


17.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ozalky Federal Kansleri Gelmut Koluň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi.


17.06.2017 | AHHG – Aral heläkçiliginiň netijelerini aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki iş üçin köpugurly binýatdyr

AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň esasy wezipeleri esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň, AHHG-nyň Prezidentiniň we Müdiriýetiniň Aral deňziniň sebitiniň meseleleri boýunça çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini üpjün etmek; Aral deňzi sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek, bilermenleriň seljermesini geçirmek bolup durýar. Komitet özüniň şahamçalarynyň, ýörite agentlikleriniň hem-de gaznalarynyň Aral sebitinde ýerleşen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň çäklerinde durmuş we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagy boýunça ýardam bermek işlerini utgaşdyrýar, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň we Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň alyp barýan işlerine ýardam berýär.


17.06.2017 | Watanymyz üçin ýokary hünärli harby işgärler

Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň we Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň harby talyplarynyň nobatdaky gutardyş dabaralary geçirildi.


17.06.2017 | Geçen hepdede TDHÇB-nyň söwdalarynda ABŞ-nyň 32 million 186 müň dollaryndan gowrak möçberde geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.


17.06.2017 | Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşlere beslenýän Watanymyzyň bagtyýar halky ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmakdan, halkymyzyň parahat we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň orny örän uludyr.


16.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde täze wagyz ediş çäresiniň başyny başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen guralýan täze wagyz ediş çäresiniň başyny başlady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter