Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.11.2017 | 13-15-nji noýabrda Aşgabatda we Daşoguzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri gepçiriler

Medeni maksatnama ynsanperwer ulgamda iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi girizildi. Olaryň hatarynda Özbegistandan geljek myhmanlaryň resmii böleginiň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, kinolaryň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň sergileri hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň çykyşlary bar.


10.11.2017 | Türkmenistan Hasyl toýuny geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy belleniler. Baýramyň medeni mmksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda oba hojalyk önümleriniň sergisini, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini, sport ýaryşlaryny, milli oýunlary, sungat ussatlarynyň konsertlerini, at çapyşyklaryny guramak meýilleşdirilýär.


10.11.2017 | Er-Riýatda türkmen saud söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.


10.11.2017 | Türkmen Lideri “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy Saburow Döwran Reýimbaýewiçe, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Jepbarow Rahimberdi Jepbarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek olaraa soňky gezek duýduryldy.


10.11.2017 | Döwlet Baştutany zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammedow Ahmet Ataýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary-Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.


10.11.2017 | Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ösüşini çaklaýar

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň işiniň netijeleri barada habar berildi. Wekiliýet milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýokary baha berdi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň üstünlikleri beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.


09.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.


09.11.2017 | Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasy

Düzüminde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan şäherinde geçirilen Aziýa- Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň (ABU) 54-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy.


09.11.2017 | 2017-nji ýylyň oktýabry: daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Ýurdumyzyň öz baş baýramyny—Garaşsyzlyk gününi bellän geçen aýy däp boýunça jemgyýetçilik-syýasy hem-de işewürlik işjeňliginiň ýokary derejesi bilen tapawutlandy, bu, esasan-da, halkara gatnaşyklary ulgamynda äşgär duýuldy, muňa geçirilen köpsanly we köptaraply çäreler hem şaýatlyk edýär.


09.11.2017 | Aşgabatda bilim we sport ulgamynda gazanylan dünýä üstünlikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi açyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter