Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.11.2017 | Türkmenistan telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaşulularyň maslahatynda ýakyn 7 ýyl üçin kabul edilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasyny tanyşdyrmak bilen, döwlet kadalaşdyrylyşynyň tutuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, ylmy-tehniki täzelikleri ornaşdyrmagy, ýurdumyzyň elektron senagaty pudagyny kemala getirmegi anyk maksatlaryň we wezipeleriň hatarynda kesgitledi.


16.11.2017 | Aşgabatda talyplaryň arasyndaky nobatdaky Oýunlaryň we Milli spartakiadanyň ilkinji tapgyry badalga aldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Sport – sagdynlygyň we ruhubelentiligiň ýurdy” şygary astynda geçirilýän IX Uniwersiadasynyň we orta mekdepleriň, orta hünär okuw mekdepleriniň, ministrilkleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleriniň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilýän IX Milli spartakiadasynyň açylyş dabarasy boldy.


16.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wekilini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Tehnologiýa we infrastruktura meseleleri boýunça baş geňeşçisi Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi.


16.11.2017 | Aşgabatda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy

Şu gün paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan guralan bu çärä ýurdumyzyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Milli bilim institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, birnäçe ministlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


15.11.2017 | Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi.


15.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Soňky ýyllarda ahalteke atçylyk toplumynyň çäkleri bagy-bossanlyga öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça uly möçberli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär.


15.11.2017 | Daşoguzdaky gala-konsert bilen Özbegistanyň Medeniýeti günleri tamamlandy

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Özbegistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda türkmen we özbek artistleriniň bilelikdäki gala-konserti bu döredijilik çäresiniň jemleýji wakasyna öwrüldi.


15.11.2017 | Olimpiýa şäherjiginde dünýäniň sambo boýunça çempiýony Gülbadam Babamuratowa orden gowşuryldy

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigindäki “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde tamamlanan sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen samboçysy Gülbadam Babamuratowany sylaglamak dabarasy geçirildi. 26 ýaşly at gazanan sport ussady ajaýyp ýeňşini 52 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.


15.11.2017 | Pekinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Pekiniň nebit we gaz uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.


15.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gülbadam Babamuratowany “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni bilen sylaglady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Gülbadam Bekmuratowna Babamuratowany Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni bilen sylaglandy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter