Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.06.2017 | Sergi-ýarmarka ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň artýan mümkinçiliklerini görkezýär

Şu gün paýtagtymyzda “Söwda we hyzmat-2017” atly sergi-ýarmarka açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezi iki günlük hakyky supermarkete öwrüldi. Sergini guraýjylar ony hut şu görnüşde ýaýbaňlandyryp, bir uly meýdançada pudaklaryň köp wekillerini jemlediler.


27.06.2017 | Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Keýtumesi Seýpelo Tandeka Mettýusdan ynanç hatyny kabul etdi.


27.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Söwda we hyzmat - 2017» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Sizi «Söwda we hyzmat - 2017» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Aşgabatda geçirilýän bu serginiň söwda ulgamynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitlerini giňden görkezmek bilen, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn!


26.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy


26.06.2017 | Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni maslahatlara, sergilere we kinogörkezilişlerine beslendi

Aşgabatda Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni geçirildi. Hepdeligiň şu güni “Milli medeniýetim -- döwrüň mukamy, Arkadagly Aşgabat – toýlar mekany!” diýen şygar astynda geçirilen çärä beslendi. Ol Medeniýet ministrligi tarapyndan şäher häkimligi bilen bilelikde guraldy. “Mekan” köşgüne Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym, bilim we medeniýet edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar.


26.06.2017 | Aşgabat 2017: sportuň, medeniýetiň we syýahatçylygyň paýtagty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady toplumlaýyn ösdürmegiň strategiýasynda Türkmenistanyň paýtagtyny ykdysady, syýasy, medeni durmuşyň, sportuň we syýahatçylygyň iri halkara merkezine öwürmek wezipesini öňde goýýar.


26.06.2017 | Galla oragynyň barşynda eýýäm 1 million tonna bugdaý ýygnaldy

Ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine bugdaýyň 1 million tonnasy gelip gowuşdy. . Bu üstünlik ekerançylaryň eziz Watanymyzyň harmanlaryna saýlama bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.


26.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Oraza baýramy bilen gutlady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna


26.06.2017 | Hormatly Prezidentimiz prokuratura edaralarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine


25.06.2017 | Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy V Aziada bagyşlandy

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna hem-de sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter