Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.08.2017 | Türkmenistanda täze gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär

Türkmenistanda täze gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Ony Balkan welaýatynda Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gurmak meýilleşdirilýär


25.08.2017 | V Aziýa oýunlarynyň ody 7-nji sentýabrda «Galkynyş» gaz käninde ýakylar

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Bu baradaky meselä hökümetiň mejlisinde garaldy.


25.08.2017 | Türkmenistanyň Serbiýadaky ilçisi bellendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serbiýadaky ilçisini bellemek hakynda Permana gol çekdi.


25.08.2017 | Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy.


25.08.2017 | 1-nji sentýabrda Aşgabatda täze mekdepler we ýokary okuw mekdebiniň binalary açylar

Türkmenistan her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýarmçylyk çäreleriniň geçirilmegine taýýarlyk görýär.


25.08.2017 | Gurban baýramynyň günleri iş güni däl diýlip yglan edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny aýawly saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.


25.08.2017 | Ýurdumyzyň ýer eýeleri 30-njy awgustda pagta ýygymyna girişerler

Türkmenistanyň pagtaçylary şu ýylyň 30-njy awgustynda “ak altynyň” ýygymyna girişerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E.Orazgeldiýewe degişli tabşyryklary berdi.


24.08.2017 | Türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady giňeldildi

Şu gün dostlukly ýurduň paýtagtynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlaryny kesgitlän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere resmi sapar bilen geldi.


24.08.2017 | Ýerewanda “Aşgabat 2017”-niň Oýunlary hakynda žurnal neşir edildi

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan bezegli žurnal neşir edildi.


23.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Ermenistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter