Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.11.2017 | Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler

13-18-nji noýabrynda Krakow şäherinde (Polşa Respublikasy) geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler.


22.11.2017 | Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah türkmen döwletiniň Baştutanyna Kuweýt Döwletine gelip görmäge çakylygyny kabul edenligi üçin hoşallyk bildirdi

Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär: Kuweýt Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda oňat derejeli gatnaşyklaryň bardygyny kanagatlamak bilen belleýärin hem-de iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki gyzyklanmany aýratyn nygtamak isleýärin.


21.11.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek we üstünlikli gulluk etmek üçin şertleri döretmek meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Köpetdagyň owadan künjekleriniň birindäki tebigy hem-de taryhy ýadygärlikler we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy.


20.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Watandaşlarymyza gutlag hatyny iberdi

Sizi halkara ähmiýetli uly taryhy waka - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


20.11.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady taýdan ösmegiň strategiýasyny amala aşyrmak meselesine seredildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


18.11.2017 | Türkmenistanyň birža geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 88-si hasaba alyndy.


18.11.2017 | Kermanşah welaýatynda bolup geçen ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer ýüki Eýrana ugradyldy

Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.


17.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


17.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti RECCA VII-iň jemlerine ýokary baha berdi

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde 14–15-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) netijelerine garaldy.


17.11.2017 | 29-30-njy noýabrda Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleri geçirler

Döredijilik forumynyň maksatnamasyny iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesi emele getirer. Olaryň hatarynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, muzeý işiniň hünärmenleri bilen duşuşyk, Rumyniýanyň milli egin-eşikleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, kinofilmleriň görkezilişi hem-de bilelikdäki konsert bilen baglanyşykly çäreler bar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter