Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.11.2017 | Mejlisde kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär

Mejlisiň garamagyna “Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň möhüm ugrudyr.


25.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine metjitdäki terrorçylykly waka zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Sinaý ýarymadasynyň demirgazygyndaky metjitde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


24.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.


24.11.2017 | 28-29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirler

Bu çärä taýýarlyk görülişiniň barşy barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.


24.11.2017 | Daşary ýurt dillerini okatmagyň ulgamy kämilleşdirilýär

24-nji noýabrda geçirilen hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawuny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnamany durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.


24.11.2017 | Türkmenistanda ýer gaznasy dörediler

Türkmenistanda ýurduň raýatlaryna ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek maksady bilen, ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça işler geçirilýär. Bular barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary E.Orazgeldiýew habar berdi.


24.11.2017 | Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny atrdyrmak boýunça çäreleriň toplumy bellenildi

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde 2018-nji ýylda dokma pudagynyň kärhanalaryny ýeňillikli bahalar boýunça pagta çig maly bilen üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.11.2017 | Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi

Türkmenistanyň medeniýet ulgamy Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek işlerini alyp barýar. Däp boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary dekabryň bu baýramçylyk wakalaryna gabatlanylar.


24.11.2017 | 2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar

Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnaly döredildi. Ol geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap ediler. Hökümetiň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.


24.11.2017 | Aşgabatdaky halkara sergide döwrebap tehnologiýalar we enjamlar gökeziler

2-4-nji dekabr aralygynda Aşgabatda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirler. Sergide dürli pudaklar – nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we azyk senagaty, saglygy goraýyş ulgamlary we beýlekiler üçin döwrebap enjamlar görkeziler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter