Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.12.2017 | Türkmen taekwondoçylarynyň üstünligi

Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde söweş sungatlarynyň görnüşleriniň VII halkara oýunlary badalga aldy. Oýunlaryň çäklerinde başa-baş söweşleriň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär.


01.12.2017 | 5-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar ýurdumyza geler.


01.12.2017 | Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň mejlisinde ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýew habar berdi.


01.12.2017 | Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi.


01.12.2017 | Anahaýmda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ilkinji medal

Anahaýmda (ABŞ) geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji medallaryny gazandy. Zenanlaryň arasynda 53 kilograma çenli agram derejesinde watandaş gyzymyz, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa üç medal – umumy agram boýunça kümüş medalyny hem-de ştangany çekip we itip galdyrmakda iki sany bürünç medalyny gazanmagy başardy.


01.12.2017 | Myrat Arçaýew Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Myrat Gurbandurdyýewiç Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. Häzire çenli ol Döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.


01.12.2017 | Döwlet Baştutanymyz medeniýet ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bahargül Gurbanmyradowna Abdyýewa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


30.11.2017 | Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Rumyniýanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.


30.11.2017 | Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklary artdyrylýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda Mary welaýatynda Türkmenistanyň serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada çygyş etmek bilen, demir hem-de gara ýollarynyň gurluşygy bilen birwagtda,elektrik geçirijileriň hem çekilýändigini belledi. Biziň ýurdumyz döredilen goşmaça kuwwatlyklary hem hasaba almak bilen Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmak bilen çäklenmän, Türkmenistan –Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işleri alyp barýar.


30.11.2017 | Tamas Ajan Gurbanguly Berdimuhamedowy 2018-nji ýylda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlady

Hormatly Prezidentimize, Milli Olimpiýa Komitetiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajandan gelip gowşan hatda şeýle diýilýär:



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter