Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.01.2018 | Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler

Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada dabaraly çäre boldy. Bu çäre çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine badalga berdi. Çagalar Türkmenistanyň iň ajaýyp künjekleriniň birine—gözel Gökderä ugraýarlar. Şol ýerde 10-dan gowrak dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýerleşýär.


02.01.2018 | Hajymyrat Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi. Ozal ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdi.


02.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Norwegiýanyň Patyşasy Harald V, Daniýanyň Patyşasy Margrete II, Tonganyň Patyşasy Tupou VI, Kanadanyň General-gubernatory Žýuli Peýett, Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Petsi Reddi, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Donald Tusk, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Halil Ibragim Akça Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny iberdiler.


01.01.2018 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelmegini dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelmegini dowam edýär. Döwlet Baştutanymyza we türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny Germaniýa Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkel, Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl Higgins, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Mongoliýanyň Prezidenti Haltmaagiýn Battulga, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halif Bin Zaed Al Nahaýan, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisi, Iordaniýanyň koroly Abdulla II we onuň maşgala agzalary gutlag hatlarynda beýan etdiler.


01.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” adyny dakdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdümekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşa asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy.


01.01.2018 | Heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Şu gün Medeniýet ministrliginiň maslahat zalynda meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanynydaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragat Babaýewe “Hormatly Il ýaşulusy” diýen ady dakmak dabarasy boldy.


31.12.2017 | Täze, 2018-nji ýyly belent sepgitlere ýetmek arzuwlary bilen garşylaýarys!

Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen aňymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk.


31.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlara beslenen 2017-nji — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly tamamlanyp barýar. Biz uly üstünlikler gazanylan 2017-nji ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy ýokary sepgitlere çykarjak Täze — 2018-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşylaýarys.


31.12.2017 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl mynasybetli haýyr-sahawat çäresini geçirdi.


31.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary we syýasatçylary Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarlar

Geçip barýan ýylda russiýa-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin köp işleri amala aşyrmak başartdy. Biziň Aşgabatda we Soçide bolan duşuşyklarymyz Russiýanyň we Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine çemeleşmeleriniň ýakyndygyny tassyklady. Ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin ähli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary bilelikdäki tagallalarymyz bilen geljekde hem ösdürjekdigimize ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň maşgalaňyza we ýakynlaryňyza berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy we rowaçlygy tüýs ýürekden arzuw edýärin - diýlip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlagynda aýdylýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter