Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.08.2017 | Bosgunlaryň ýygyndy topary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşarlar

Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarçysyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň Ýerine ýetiriji komitetinde aýdyldy. Aşgabat Aziadasynda bosgunlara wekiliýetiň baştutany, Keniýanyň olimpiýa çempiony Tegla Lurup ýol görkeziji bolar, şeýle hem ol BMG-nyň “Sport we parahatçylyk” taslamasynyň ilçisidir.


16.08.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň nyşany dünýäniň iň beýik depeleriniň biri – Abu Ali ibn Sina nokadyna çykaryldy

Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň bilelikde guran “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlarynyň nyşany Türkmenistanyň iň belent dag gerişlerinde hem-de ýurdumyzyň her welaýatynyň ajaýyp ýerlerinde galdyryldy.


16.08.2017 | Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.


16.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Areti” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


15.08.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň geçirilýän döwründe Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň möhüm wezipelerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisini geçirdi. Onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek babatda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


15.08.2017 | BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisi: Türkmenistanyň döredijilikli gün tertibi

Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlaýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýermek bilen, ýurdumyzyň öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda amala aşyrjak we gorajak ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýär.


15.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Murad Aşraf Janjuany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


14.08.2017 | Geljekki olimpiaçylaryň üstünlikleri we mümkinçilikleri

Häzirki wagtda boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna belli russiýaly tälimçi, at gazanan sport ussady, Olimpiadanyň, dünýäniň we Ýewropanyň çempiony Aleksandr Borisowiç Lebzýak ýolbaşçylyk edýär. Ol milli ýygyndy toparymyzy üç ýarym aý mundan ozal resmi taýdan türgenleşdirip başlady. Emma, bu gysga döwrüň içinde, onuň tälim berýän şägirtleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, eýýäm ýedi medaly almagy başardylar.


14.08.2017 | GDA-nyň sport festiwalynda samboçylar üç medala mynasyp boldular

Ulýanowsk şäherinde (Russiýa Federasiýasy) sportuň milli görnüşleriniň we GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň festiwalynda çykyş eden samboçylarymyz Watanymyza bir kümüş hem-de iki bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.


14.08.2017 | Aziýanyň çempionlarynyň hatarlary dolýar

Ýurdumyzyň ýygyndy topary Eýranda geçirilen kuraş boýunça ýaşlaryň Aziýa çempionatynda çykyş edip, dokuz medala eýe boldy. Aziýa çempionatyna 11 ýurtdan iň gowy türgenleriň 110-sy ýygnandy. Muňa garamazdan, türkmen türgenleri ýokary ussatlyk derejesini görkezip, bir altyn, bir kümüş hem-de ýedi bürünç medala mynasyp boldular.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter